Resmi Daşkent TÜRKPA Agza Bolmak Hakynda Karar Kabul Etdi

Özbegistan Türki dilli döwletleriň Parlamentar Assambleýasyna agza bolmak hakynda karar kabul etdi

1662969
Resmi Daşkent TÜRKPA Agza Bolmak Hakynda Karar Kabul Etdi

Özbegistanda saparda bolýan Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Türkiýäniň halk deputatlaryndan ybrat bolan TÜRKPA-nyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Adalat we ösüş partiýasynyň Stambul şäherinden halk deputaty İsmet Uçma hem-de wekiliýetiň düzümindäkiler Özbegistanyň Senatynyň başlygynyň birinji orunbasary Sadyk Safaýew bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar hem-de Özbegistanyň parlamentiniň we TÜRKPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barasynda pikir alyşyldy.

TÜRKPA-nyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Uçma duşuşykda Özbegistanyň taryhda bolşy  ýaly şu günli günde-de türk dünýäsinde özboluşly orun eýeleýändigini nygtap, TÜRKPA-nyň Özbegistanyň bilen ähli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek isleýändigini aýtdy.

Safaýew bolsa Özbegistanyň Türk geňeşi bilen gatnaşyklaryny ösdürmegine aýratyn uly ähmiýet berýändigini nygtap, şol çäkde Özbegistanyň Parlamentiniň TÜRKPA bilen gatnaşyklaryny hasam ösdürmek niýetiniň bardygyny beýan etdi.

Ýurdunyn gelejekde TÜRKPA agza bolmagy meýilleşdirýändigini beýan eden Safaýew; “Özbegistan TÜRKPA agza bolmak hakynda karar kabul etdi” diýdi.



Degişli Habarlar