ÝTB Garabag söweşinde şehit bolan adamlaryň çagalaryna ýörite kwota aýrylandygyny habar berdi

Abdullah Eren Garabag söweşinde şehit bolan we ýaralanan adamlaryň çagalaryna ýörite kwotanyň bölünip aýrylandygyny habar berdi

1660120
ÝTB Garabag söweşinde şehit bolan adamlaryň çagalaryna ýörite kwota aýrylandygyny habar berdi

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň (ÝTB) başlygy Abdullah Eren, Garabag söweşinde şehit bolan we ýaralanan adamlaryň çagalaryna şu ýyl Türkiýäniň Talyp haklary programmasynyň çäginde ýörite kwotanyň bölünip aýrylandygyny mälim etdi. 

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasy tarapyndan berilen beýanata görä, Abdullah Eren Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Azerbaýjana guran saparynyň çäginde Garabagda şehit bolan we ýaralanan adamlaryň maşgalalary üçin ýörite gurulan Ýaşat gaznasyna baryp gördi. 

Gaznanyň resmileri bilen duşuşyk geçiren Abdullah Eren, Azerbaýjanyň dogry dawasynda hemişe ýanynda bolandyklaryny beýan etdi. 

Garabag söweşinde şehit bolan we ýaralanan adamlaryň çagalaryna şu ýyl Türkiýäniň Talyp haklary programmasynyň çäginde ýörite kwotanyň bölünip aýrylandygyny aýdan Abdullah Eren, ÝTB-nyň edýän işleri we taslamalary bilen Azerbaýjana berýän goldawyny günsaýyn artdyrýandygyny mälim etdi. 

Azerbaýjanyň Hazar uniwersitetinede baryp gören Eren, Türkiýeden uçurym bolan akademikler we işewür adamlary bilen hem duşuşyk geçirdi. 



Degişli Habarlar