Türk Geňeşi Şuşa Jarnamasyndan Hoşal

Amreýew ,Şuşa jarnamasynyň Türk dünýäsiniň arasyndaky arkalaşygyň güýjüne güýç goşjakdygyny nygtady

1659557
Türk Geňeşi Şuşa Jarnamasyndan Hoşal

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Prezident R. T. Erdogan bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan Şuşa şäherinde gol goýlan Şuşa jarnamasyna hoşallyk bildirýändiklerini nygtady.

Amreýew mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, Şuşa jarnamasynyň Türk dünýäsiniň arasyndaky arkalaşygyň güýjüne güýç goşjakdygyny nygtady.

Amreýew “Şuşa jarnamasy, Türki dilli döwletleriň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň türklük garaýşy bilen has-da pugtalandyrylmalydygyny görkezýän resminama hökmünde taryhda ýer alar” diýdi.

Jarnamanyň ykdysadyýetden transporta, diasporadan medeniýetine çenli Türk geňeşiniň çägindäki ähli hyzmatdaşlyk ugurlaryny öz içine alýandygyna ünsi çeken Amreýew “Jarnama diňe iki ýurduň halklary däl eýsem Türk dünýäsi üçin bähbitli bolar. Jarnamada nygtalýan meseleleriň esasy bölegi, Türk geňeşiniň köp taraply platformasynyň çäginde Türk geňeşine agza we synçy döwletler tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylýar” diýip belledi.

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Şuşa jarnamasynyň sebitara parahatçylyk, durnuklylyk we asudalyk üçin berlen güýçli çagyryşdygyny we sebitde ýerleşýän ýurtlary özara bähbide esaslanýan taslamalar bilen Günorta Kawkazda täze parahatçylyk we durnuklylyk zolagynyň döredilmegine çagyrýandygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar