Garabag Söweşinde Şehit Bolan Azerbaýjanly Esgerleriň Sany 2 Müň 904-e Ýetdi

10 esgeriň bolsa dereksiz ýitendigi bellenildi.

1658014
Garabag Söweşinde Şehit Bolan Azerbaýjanly Esgerleriň Sany 2 Müň 904-e Ýetdi

Azerbaýjanyň goşunlaryndan, Garabagyň basyp alyşlykdan halas edilmegi üçin geçirlen operasiýada 2 müň 904 eser şehit boldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, 2020-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda başlan we 2020-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Ermenistanyň ýeňilendigini kabul edýän şertnama gol goýmagy bilen netijelenen söweşde çekilen ýitgi hakynda täze maglumat berdi.

Beýannamada, ozal 2 müň 900 esgeriň şehit bolandygynyň beýan edilendigi, käbir jesetleriň tapylmagy we şahsyýetleriniň anyklanmagy bilen şehitleriň sanynyň 2 müň 904-e ýetendigi nygtaldy.

Beýannamada 10 esgeriň bolsa dereksiz ýitendigi bellenildi.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň 2020-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda başladan operasiýasynda 5 şäher merkeziniň, 4 etrabyň we 286 obanyň basyp alyşlykdan halas edilmeginden soň Ermenistan ýeňilendigini kabul edipdi we basyp alyşlyk astyndaky Agdam, Laçyn we Kelbejer welaýatlaryndan çekilmek üçin şertnama gol goýupdy.

Ermenistanyň goşunlary 2020-njy ýylyň 20-njy noýabrynda Agdamdan, 25-nji noýabrynda Kelbejerden we 1-nj dekabrda hem Laçyndan çekilipdi.



Degişli Habarlar