Azerbaýjan 15 ermenistanlyny ýurduna gaýtaryp berdi

Azerbaýjan 97 müň minanyň nirede ýerleşdirilendigini görkezýän kartanyň ýerine ýurtda göz tussaglygynda saklanan Ermenistanyň 15 raýatyny gaýtaryp berdi

1656841
Azerbaýjan 15 ermenistanlyny ýurduna gaýtaryp berdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Ermenistanyň bir wagtlar basyp alyşlyk astynda saklan Agdam welaýatynda ýerleşdiren 97 müň minanyň kartasyny Azerbaýjana berendigi mälim edildi. 

Azerbaýjan tarapynyň hem ýurtda göz tussaglygynda saklanan Ermenistanyň 15 raýatyny ýurduna gaýtaryp berendigi aýan edildi. 

Yzyna gaýtarylyp berilmek işleriniň Azerbaýjan-Gruziýa serhedinde amala aşyrylandygy bellenen beýanatda, bu babatynda goldaw beren Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwilä we Tbilisi hökümetine minnetdarlyk bildirdildi. 



Degişli Habarlar