Prezident Erdogan Geljek Hepde Azerbaýjana Gider

Prezident Erdogan NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyndan soň Azerbaýjana gitjekdigini aýtdy

1656453
Prezident Erdogan Geljek Hepde Azerbaýjana Gider

Prezident R. T. Erdogan geljek hepde Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda giň gerimli şertnama baglaşyljakdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan 14-nji iýunda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçiriljek NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyndan soň Azerbaýjana gitjekdigini aýtdy.

Ilki Fuzuli şäherine barjakdygyny aýdan Prezident Erdogan soň Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen Şuşa şäherinde duşuşjakdygyny we iki ýurduň arasynda giň gerimli şertnama baglaşyljakdygyny belledi.



Degişli Habarlar