Gazagystan Türkiýe Bilen Edýän Gatnaşyklaryny Ösdürmek Isleýär

Abzal Saparbekuly, ilçihanada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýannama berdi.

1655972
Gazagystan Türkiýe Bilen Edýän Gatnaşyklaryny Ösdürmek Isleýär

Gazagystanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abzal Saparbekuly, Türkiýäniň Gazagystanda iň köp maýa goýan 10 ýurtdan biridigini nygtady.

Ilçi Abzal Saparbekuly “Türkiýe, Gazagystany gündogara açylýan gapysy, Gazagystan hem Türkiýäni günbatara, Ýakyn Gündogara we Afrika açylýan gapysy hökmünde görýär” diýdi.

Abzal Saparbekuly, ilçihanada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýannama berdi.

Gazagystanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abzal Saparbekuly “Gazagystan, Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak isleýär” diýdi.

Ilçi Abzal Saparbekuly merkezi Malatýa, Kaýseri, Konýa we Mersin ýaly şäherlerde ýerleşýän käbir firmalaryň Gazagystanda şu ýyl 10 fabrik açmagyna garaşýandyklaryny belledi.



Degişli Habarlar