Ermenistanly Esgerler, Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Ot Açdy

Wakada ýogalanyň ýada ýaralananyň bolmandygy bellenildi.

1656366
Ermenistanly Esgerler, Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Ot Açdy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, ermenistanly esgerleriň iki ýurduň serhedinde ýerleşýän Kelbejer welaýatynda Azerbaýjanyň pozisiýalaryna ot açandygyny habar berdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, ermeni esgerleriniň Wardenis welaýatynyň Ýokarky Şorça etrapçasynda ýerli wagt bilen 13.45-den başlap Azerbaýjanyň pozisiýalaryna ot açandygy nygtaldy.

Beýannamada wakada ýogalanyň ýada ýaralananyň bolmandygy bellenildi.



Degişli Habarlar