Ermenistanly Esgerler, Azerbaýjanly Esgerlere Ot Açdy

Wakada ýogalanyň ýada ýaralananyň bolmandygy nygtaldy.

1655809
Ermenistanly Esgerler, Azerbaýjanly Esgerlere Ot Açdy

Ermenistanly esgerler, Kelbejer liniýasyna gözegçilik edýän azerbaýjanly esgerlere ot açdy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, wakada ýogalanyň ýada ýaralananyň bolmandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ermenistan tarapynyň hüjümleriň öňüsyrasynda serhetdäki ýagdaýy bilkastlaýyn dartgynlaşdyrmak isleýändigini ýene-de bir gezek görkezýändigi nygtaldy.

Beýannamada wakadan Ermenistanyň jogapkärdigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar