Türkiýe Gyrgyz Respublikasyna Goldaw Bermäge Dowam Eder

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

1655054
Türkiýe Gyrgyz Respublikasyna Goldaw Bermäge Dowam Eder

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Türkiýä gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan “Jenap Prezidente Türkiýäniň gyrgyz halkyna we döwletine goldaw bermäge dowam etjekdigini ýene-de bir gezek nygtadyk. 11-nji aprelde konstitutsiýa üýtgetme girizilmegi üçin geçirlen ähli halk sese goýulşygy öwrülşik nokadydyr. Ähli halk sese goýulşygynda gyrgyz halky prezident dolanşygy ulgamyny saýlap aldy. Täze dolanşyk ulgamynyň düşümli bolmagyny arzuw edýärin. Täze mümkinçilikler bilen Gyrgyzystanyň öňe gidişlik etjekdigine ynanýaryn. Türkiýe tejriberini paýlaşmaga we Gyrgyzystana ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam eder” diýdi.

Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtan Erdogan “507 million dollarlyk söwda mukdarymyz täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garamazdan aşaklamady. Mümkinçiliklerimizden ýerlikli peýdalanyp söwda mukdaryny 1 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis” diýip belledi.

“Kabul edilen kararlar bilen özara gatnaşyklarymyzy güýçlendirdik. Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşi arkaly iş meýilnamamyzy kesgitledik” diýen Prezident Erdogan “Gadyrdan doganymyň iki taraply maýa goýumlaryň artdyrylmagy meselesine berýän goldawyndan hoşal. Edilen tagallalar netijesinde Türkiýe bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky uçar saparlarynyň artdyrylmagy bilen gatnaşyklar has-da pugtalanar” diýdi.

Duşuşykda Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň başda durmagynda terrora garşy göreşde sebitara hyzmatdaşlyk meselesi hakynda hem pikir alyşandyklaryny aýdan Erdogan, FETÖ-niň her bir ýurt üçin howplydygy meselesinde Japarow bilen şol bir garaýşa eýediklerini we gurama garşy birlikde hereket edilmegi bilen şol howpy ortadan aýyrjakdyklaryny nygtady.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow hem ýurdunyň, Türkiýäniň halkara derejesinde oýnaýan rolyndan hoşaldygyny belledi.



Degişli Habarlar