DKTR-na Ýene-de 50 Müň Doza Sanjym Ugradyldy

Türkiýe häzire çenli DKTR-na jemi 190 müň doza sanjym kömegini berdi

1654407
DKTR-na Ýene-de 50 Müň Doza Sanjym Ugradyldy

Türkiýe, täze görnüş koronawirusa garşy göreşiň çäginde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna ýene-de 50 müň doza Sinowak sanjymyny berdi.

Sanjymlary alyp giden Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginiň tiz kömek uçary, Türkiýe wagty bilen sagat 22-20-de DKTR-nyň Erjan howa menziline gondy.

Sanjymlar, DKTR-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçylaryna gowşuryldy.

Türkiýe häzire çenli DKTR-na jemi 190 müň doza sanjym kömegini berdi.


Etiketkalar: #sanjym , #koronawirus , #DKTR

Degişli Habarlar