Azerbaýjanly esgerler Türkiýede bejergi ediler

Garabag söweşinde şikes ýeten azerbaýjanly 6 esger bejergi üçin Türkiýä ugradyldy

1654283
Azerbaýjanly esgerler Türkiýede bejergi ediler

Şehit bolan esgerleriň maşgalalarynyň we şikes ýeten esgerleriň meselelerini çözmek üçin Azerbaýjan döwleti tarapyndan döredilen Ýaşat gaznasyndan berilen beýanatda, azerbaýjanly lukmanlaryň maslahatlary göz öňünde tutulyp şikes ýeten 6 adamyň bejergi etabynyň Türkiýede dowam etjekdigi mälim edildi. 

Beýanatda Ýaşat gaznasynyň zerur bolan halatynda mundan soň hem agyr şikes ýeten adamlary daşary ýurtlarda bejergi edilmekleri üçin ugratjakdygy aýan edildi. 

Ýaşat gaznasy ozal hem 100 adamy bejergi maksatly Türkiýä ugradypdy. 

Şolaryň 37-si bejergilerinden soň Azerbaýjana gaýdyp barypdy. 



Degişli Habarlar