Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Japarow Türkiýede Saparda Bolar

Prezident Sadyr Japarow resmi saparynyň çäginde Prezident Erdogan bilen duşuşar

1653753
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Japarow Türkiýede Saparda Bolar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow iýun aýynyň 9-11-i aralygynda Türkiýede saparda bolar.

Gyrgyzystan tarapyndan berlen beýannama görä, Prezident Sadyr Japarow resmi saparynyň çäginde Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşar.

Iki lider duşuşykda türk Geňeşiniň çäginde iki taraply we köp taraply hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşar.

Saparyň çäginde iki ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda Gyrgyzystan-Türkiýe ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 5-nji maslahaty geçirler.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşar.

Japarowyň Gyrgyzystan-Türkiýe işewür maslahatyna gatnaşmagyna, Türkiýedäki gyrgyz raýatlary, talyplar we paýtagt Ankarada iş alyp barýan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen hem duşuşmagyna garaşylýar



Degişli Habarlar