“Kiprde Federal Esasda Çözgüdiň Bolmajakdygy Tassyklandy”

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar Kipriň grek böleginde Milli halk frontunyň ses mukdaryny artdyrmagy hakynda beýanat berdi.

1648867
“Kiprde Federal Esasda Çözgüdiň Bolmajakdygy Tassyklandy”

Ersin Tatar: “Kiprde federal esasda ylalaşygyň bolmajakdygy hakyndaky garaýyşlarymyzyň bu saýlawyň netijesi bilen tassyklanandygyny görýärin” diýdi.

Tatar, Kipriň grek böleginde düýn geçirilen we aşa sagçy, rasist hökmünde bilinýän, Türkiýä, DKTR-na we daşary ýurtlulara garşydaşlygy bilen öňe saýlanýan ELAM partiýasynyň ses mukdaryny iki essä barabar artdyran parlament saýlawy hakynda garaýyşlaryny beýan etdi.

Grek böleginde milletçiligiň we aşa garaýyşlaryň artýandygyny beýan eden Tatar, bu şertleriň Kiprde adalatly, durnukly we birsydyrgyn ylalaşyk üçin gowy netije bolmandygyny nygtady.

Tatar, ELAM-yň ses mukdarynyň ýokary mukdarda artandygyny beýan edip; “ELAM we ony goldaýanlar Kipriň dolulygyna bitewi döwlet bolmagyny goldaýar. Kiprli türklere azlyk hukuklaryny hem laýyk görmeýän düşünjäniň güýçlenýändigini görýäris. Has gorkunjy, ELAM sesleriniň esasy bölegini ýaşlardan alýar. Onuň sebäbi bolsa bilim ulgamyndaky aşa milletparazlygyň, grek haýranlygynyň, Kipriň grek adasyna öwrülmegi düşünjesiniň we EOKA söýgüsiniň bilim ulgamynda orun eýelemegi” diýdi.



Degişli Habarlar