Aliýew: "Azat edilen topraklarda Türkiýäniň goldawyna garaşýarys" diýdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine sapar guran Türkiýäniň Bilim ministri Ziýa Selçuky kabul etdi

1646901
Aliýew: "Azat edilen topraklarda Türkiýäniň goldawyna garaşýarys" diýdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň basyp alyjylygyndan halas edilen topraklarda ýöriteleşdirilen hünär mekdepleriniň gurulmagynyň gerekdigini belläp: "Türkiýäniň goldawyna garaşýarys" habar berdi. 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine sapar guran Türkiýäniň Bilim ministri Ziýa Selçuky kabul etdi. 

Aliýew duşuşykda beren beýanatynda, beýleki ugurlarda bolşy ýaly bilim ugrundada Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň tiz depginler bilen özgerýändigini beýan etdi. 

Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edilen şäherleriň meýilnamalarynyň taýarlanýandygyny aýdan Aliýew: "Meýilnamada mekdepleriň gurluşygy hem bar. Doganym Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Şuşa gurjak saparynyň çäginde Türkiýeden sowgat hökmünde teklip edilen mekdebiň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar" diýip belledi. 

Ilham Aliýew, bilim ugrundada uly özgertmeleriň amala aşyrylandygyna ünsleri çekip: "Türkiýäniň tejribesi biziň üçin möhümdir" diýip aýan etdi. 

Türkiýäniň Bilim ministri Ziýa Selçuk bolsa öz gezeginde: "Bilimiň özgerdilmegi, gelejekde amala aşyryljak programmalar babatynda kärdeşim bilen näme gerek bolsa ederis. Hiç alada etmäň" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar