THÝ Türkistana Ilkinji Uçar Saparyny Gurady

Stambul-Türkistan saparyny amala aşyran uçary Türkistanyň halkara howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy.

1643697
THÝ Türkistana Ilkinji Uçar Saparyny Gurady

 

Türk Howa Ýollary, Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän we Türk dünýäsiniň ruhy paýtagty hökmünde bilinýän Türkistan şäherine halkara derejesinde ilkinji uçar saparyny guran howa ýoly firmasy boldy.

Gazagystan tarapyndan berlen beýannama görä, THÝ-niň ilkinji Stambul-Türkistan saparyny amala aşyran uçary Türkistanyň halkara howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Howa menzilinde guralan dabara Türkiýäniň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ufuk Ekiji bilen birlikde gazagystanly ýolbaşçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

THÝ, Stambul-Türkistan-Stambul saparyny B-737 kysymly uçar bilen ilkinji etapda hepde-de bir gezek amala aşyrar.

Wagtyň geçmegi bilen uçar saparlarynyň hepde-de iki gezek amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar