ABŞ, Azerbaýjan Bilen Ermenistana Çagyryş Berdi

ABŞ,Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda serhet kesgitleme dartgynlygyna alada bildirýär

1641362
ABŞ, Azerbaýjan Bilen Ermenistana Çagyryş Berdi

 

ABŞ, Azerbaýjan bilen Ermenistana serhet kesgitleme dartgynlygynyň gowşamagy üçin çagyryş berdi.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýannama görä, Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Salliwanyň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Beýannama görä, Salliwan, soňky döwürde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda başdan geçirlen serhet kesgitleme dartgynlygyna alada bildirýär.

Beýleki tarapdan Salliwan iki ýurduň arasyndaky aragatnaşygyň dowam etmegine we iki lideriň meseläniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegine goldaw bermegine hoşallyk bildirdi.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Laçyn we Kelbejer welaýatynda we serhetdäki pozisiýalara ornaşmagy iki ýurduň arasynda dartgynlyga sebäp boldy.



Degişli Habarlar