Azerbaýjan-Eýran serhedinde ýaragly çaknyşyk boldy

Azerbaýjan-Eýran serhedinden bikanun ýagdaýda geçmäge synanyşan neşe söwdasyny edýän toparyň od açmagy netijesinde 2 azerbaýjanly harby şehit boldy

1640039
Azerbaýjan-Eýran serhedinde ýaragly çaknyşyk boldy

Azerbaýjanyň Döwlet serhet gorag gullugyndan berilen beýanatda, Ýardymly welaýatynyň Gendere obasynyň obalyk ýerinde Eýrandan Azerbaýjana geçmäge synanyşan 3 adam bilen serhetçileriň arasynda ýaragly çaknyşygyň başdan geçirilendigi mälim edildi. 

Kontrabandaçylaryň dur diýip berilen duýduryşa gulak asman od açandygy bellenen beýanatda, 1-i ofiser 2 harbynyň ýaralanandygy, hassahana ýatyrylan harbylaryň halas edilip bilinmän ýogalandyklary aýan edildi. 

Eýranyň raýatlary bolandyklary çak edilýän, emma şahsyýetleri entek anyklanmadyk kontrabandaçylaryň biriniň tussag edilendigi, 2-siniň gaçandygy, wakanyň bolan ýerinde takmynan 10 kg neşe maddasynyň tapylandygy habar berildi. 

Beýleki 2 adamyň gözlenýändigi, waka bilen baglanşykly Eýran tarapyna maglumat berilendigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar