Azerbaýjan Bilen Emenistanyň Arasynda Serhet Kesgitlemekdäki Düşnüşmezlikler Dowam Edýär

Ermenistan mesele boýunça Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyna ýüz tutmaga taýarlanýar

1639408
Azerbaýjan Bilen Emenistanyň Arasynda Serhet Kesgitlemekdäki Düşnüşmezlikler Dowam Edýär

Azerbaýjanyň goşunlarynyň ermenilerden halas edilen Laçyn we Kelbejer raýonlarynda Ermenistan bilen serhetdäki pozisiýalara ornaşmagy iki ýurduň arasynda dartgynlyga sebäp boldy.

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Azerbaýjanyň goşunlarynyň ornaşan käbir ýerleriniň özlerine degişlidigini öňe sürüp, mesele boýunça Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasyna ýüz tutmak hakynda karar kabul etdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat Sekretary Leýla Abdullaýewa, Azerbaýjanyň öz territorial bitewiligine laýyklykda serhet gorag ulgamyny berkitmek boýunça çäreler görýändigini, onuň kartalara laýyklykda amala aşyrylýandygyny beýan etdi.

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan son iki ýurduň söweşi sebäpli serhet liniýasynyň ýokdugyny beýan eden Abdullaýewa, häzirki wagtda taraplaryň arasynda ylalaşmazlyklaryň ýoldaşlyk edýän çylşyrymly tehniki tapgyryn dowam edýändigini nygtady.

Abdullaýewa Ermenistan tarapynyň meçew beriji beýannamalar bermeginin ýurtdaky saýlawdan ozalky şertler bilen arabaglanşyklydygyny aýtdy.

Ermeni syýasy we harby töwereklere dowla düşmezligi maslahat beren Abdullaýewa; “Resmi Ýerewana Azerbaýjanyň Zengilan, Gubadly, Laçyn we Kelbejer raýonlaryndaky serhet düzgüni hakykatyny kabul etmeklerini, sebitdäki şertleri esassyz dartgynlaşdyrmazlyklaryny maslahat berýäris. Şeýle wakalar iki taraply harby resmileriniň arasynda gepleşikler arkaly çözülip bilner we çözülmeli” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Baýramow we Ermenistanyň Daşary işler ministri Ara Aýwazýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, serhet meselesi boýunça pikir alyşdy.

ÝHHG-nyň döwürleýin ýolbaşçysy we Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Lind hem Baýramow we Aýwazýan bilen telefon arkaly mesele boýunça pikir alyşdy.



Degişli Habarlar