Azerbaýjanyň goşuny harby türgenleşik geçirer

Azerbaýjanyň goşuny 15 müň esgeriň gatnaşmagynda harby türgenleşik geçirer

1638623
Azerbaýjanyň goşuny harby türgenleşik geçirer

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Prezident Ilham Aliýew tarapyndan tassyklanan meýilnama görä, 16-njy maýda harby türgenleşigiň geçiriljekdigi aýan edildi. 

15 müň esgeriň gatnaşjak harby türgenleşige şeýle hem takmynan 300 sany taňk we sowutly ulag, takmynan 400 sany tapawutly raketa we top ulgamy, 50 sany harby uçar we dikuçar bilen uçarmansyz howa ulgalary gatnaşdyrylar. 

Türgenleşikde harby birikmeleriň söweşjeň ýagdaýa getirilmegi, söweş koordinasiýasy we aragatnaşygyň gowulaşdyrylmagy ýaly ugurlar gözden geçiriler. 

Terrorçy toparlara we bikanun ýaragly toparlara garşy göreş tälimleriniň hem gözden geçiriljek türgenleşik 20-nji maýa çenli dowam eder. 



Degişli Habarlar