Gazagystan Gyrgyz Respublikasyna Ynsanperwer Kömegini Berer

Gazak hökümeti ady agzalýan ynsanperwer kömeginiň gysga wagtda ugradylmagy üçin işe girişdi

1635806
Gazagystan Gyrgyz Respublikasyna Ynsanperwer Kömegini Berer

 

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýewiň, gazak halkynyň adyndan doganlyk ýurt Gyrgyz Respublikasyna ynsanperwer kömeginiň berilmegi hakynda karar kabul edendigi nygtaldy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, doganlyk, dostluk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň çäginde Gyrgyz Respublikasyna beriljek ynsanperwer kömeginiň çäginde 10 müň tonna unyň ugradyljakdygy bellenildi.

Beýannamada, gazak hökümetiniň ady agzalýan ynsanperwer kömeginiň gysga wagtda ugradylmagy üçin işe girişendigi ýatladyldy.

29-njy aprelde Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde bolan ýaragly çaknyşykdan soň gyrgyz kärdeşi Sadyr Japarow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Gyrgyz Respublikasyna ynsanperwer kömegini bermäge taýardyklaryny mälim edipdi.



Degişli Habarlar