Täjigistan-Gyrgyzystan serhedindäki çaknyşykda ýogalanlaryň sany artdy

Täjigistan-Gyrgyzystan serhedinde 29-njy aprelde başdan geçirilen ýaragly çaknyşykda ýogalanlaryň sany 55 adama ýetdi

1634579
Täjigistan-Gyrgyzystan serhedindäki çaknyşykda ýogalanlaryň sany artdy

Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrligi, ýurdyň günortasyndaky Batken sebitinde geçen hepde başdan geçirilen ýaragly çaknyşykda ýogalan gyrgyz raýatlaryň sanynyň 36 adama ýetendigini belläp, ýogalanlaryň 3-siniň esgerdigini aýan etdi. 

Beýanatda çaknyşykda ýaralananlaryň sanynyň bolsa 183 adamdygy mälim edildi. 

Beýleki tarapdan Täjigistanyň metbugatynda berilen habarlarda, ýaragly çaknyşykda ýogalan täjik raýatlaryň sanynyň 19 adama ýetendigini belläp, şolaryň 9-synyň esgerdigini aýan etdi. 

Habarda ýaragly çaknyşykda 88 täjik raýatynyň ýaralanandygy mälim edildi. 

Beýleki tarapdan Gyrgyzystanyň Milli Howpsuzlyk Döwlet komitediniň başlygy Kamçybek Taşiýew beren beýanatynda, Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky jedelleşikli serhediň 112 kilometriniň 9-njy maýa çenli kesgitlenmegi boýunça ylalaşandyklaryny habar berdi. 

Taşiýew, jedelleşikli birnäçe serhet nokady boýunça hem ylalaşyk gazanylandygyny belläp, ýakyn wagtda duşuşyk geçirjek iki döwlet baştutanynyň, ylalaşyk gazanylan 112 kilometrlik umumy serhet bilen bagly şertnama gol çekişjekdiklerini, ondan soň bolsa serhet kesgitleme işleriniň başladyljakdygyny mälim etdi. 

Iki ýurdyň arasyndaky 976 kilometrlik umumy serhediň diňe 504 kilometrlik bölegi kesgitlendi. 

Taraplaryň arasynda jedelleşikli bolan serhediň galan bölegi bilen baglanşykly gepleşiklerden bolsa şu günki güne çenli netije alynyp bilinmedi. 

Gyrgyzystan-Täjigistan serhedinde ýerleşýän Golownoý atly suw ulgamyna gözegçilik etmek üçin 28-nji aprelde başdan geçirilen dartgynlyk, 29-njy aprelde iki ýurdyň raýatlarynyň biri-birlerini daşlamagy bilen has hem dartgynlaşypdy, iki ýurdyň harbylarynyň goşulmaklary bilen bolsa ýaragly çaknyşyga öwrülipdi. 

Köp sanda öý we iş ýerleriniň ýakylan, zyýan ýetirilen hadysalar, diplomatik tagallalaryň netijesinde ýatyrylypdy. 

Ýurtlaryň hökümetleriniň ylalaşyk we esgerleriň birikmelerine gaýdyp barmagy babatynda 1-nji maýda gazanan ylalaşygyndan soň, raýtlar öýlerine gaýdyp barmaga başlady. 



Degişli Habarlar