Gyrgyz Respublikasynda Prezident Dolanşygy Ulgamyna Geçildi

Prezident Japarow Parlamentar Ulgamdan Prezident Dolanşygyna Geçmek Hakyndaky Konstitutsion Özgermäni Tassyklady

1634419
Gyrgyz Respublikasynda Prezident Dolanşygy Ulgamyna Geçildi

Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Ýolbaşçysy Sadyr Japarow konstitutsiýanyň parlamentar ulgamdan prezident dolanşygyna geçmek hakyndaky täze tekstini tassyklady.

Gyrgyz Respublikassynyň Prezidentiniň Metbugat merkezinden berilen beýannama görä Japarow 11-nji aprelde referendumda kabul edilen konstitutsiýanyn täze tekstiniň güýje girmegi hakyndaky kanuny ýerine ýetiriji, kazyýet we kanun çykaryş organlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada tassyklady.

Konstitutsiýanyň täze tekstiniň güýje girmegi bilen Gyrgyz Respublikasy 2010-njy ýyldan bäri dowam edýän parlamentar ulgamdan prezident dolanşygyna geçdi.

Täze ulgamda ministrler, ýokary derejeli döwlet gullukçylary we häkimler prezident tarapyndan bellener.

Ýurtda esasy meseleler boýunça maslahat beriji kararlar kabul etjek “Halk Gurultaýy” atly täze organ dördiler.

Gyrgyz halkynyň 79,18 göterimi referendymda ýurduň prezident dolaşygyna geçmegine goldaw beripdi.

 



Degişli Habarlar