Ermenistanly esgerleriň öjükdiriji hereketleri dowam edýär

Ermenistanly esgerleriň Garabag sebitinde Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugynyň serhetçilerine garşy eden öjükdiriji hereketleri ýüze çykdy

1632442
Ermenistanly esgerleriň öjükdiriji hereketleri dowam edýär

Sosial mediada paýlaşylan wideoda, ermenistanly esgerleriň Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugynyň serhetçileri tarapyndan goralýan sebite baryp, ol ýerleriň özlerine degişlidigini aýdýarlar. 

Sebitiň özlerine degişlidigini öňe süren ermenistanly esgerler, zor bilen geçmäge synanyşdylar. 

Olaryň serhetden geçjek bolmaklary azerbaýjanly ofiser tarapyndan öňi alynýar. 

Öjükdiriji hereket Azerbaýjan tarapynyň sagdyn pikirliligi saýasynda hiç hili hadysasyz tamam bolýar. 



Degişli Habarlar