Tatar we Çawuşogly Ženewada umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar: "Deňlige esaslanýan we deň status ykrar edilmeden ozalky şertler boýunça gepleşiklere başlamagymyzyň manysy ýok" diýip belledi.

1630892
Tatar we Çawuşogly Ženewada umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler
Mevlüt Çavuşoğlu.jpg

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar bilen Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-nyň ýolbaşçylyk etmeginde Kiprdäki taraplaryň we kepillendiriji ýurtlar bolan Türkiýäniň, Gresiýanyň we Britaniýanyň gatnaşmagynda 5+1 formatyndaky resmi bolmadyk Kipr temaly maslahatdan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Ersin Tatar ol ýerde eden çykyşynda: "Kipr adasynyň grek böleginiň maksady, Kipr Respublikasynyň dowamy we konstitutsion üýtgeşme bilen kiprli türkleriň muňa ýapyşgyç edilmegidir. Deňlige esaslanýan we deň status ykrar edilmeden ozalky şertler boýunça gepleşiklere başlamagymyzyň manysy ýok" diýip nygtady. 

Mewlüt Çawuşogly bolsa: "DKTR-nyň özygtyýarly deňlige esaslanýan iki döwletli çözgüt teklibine örän güýçli ýagdaýda goldaw bermäge dowam ederis" diýip belledi. 

Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadisiň maslahata täze maksatnama getirmändigine ünsleri çeken Mewlüt Çawuşogly: "Şol bir zady oýnap duran grammafon ýazgysy ýaly köne öňe sürmelerini gaýtalady. DKTR-nyň garaşsyzlygy, özygtyýarlylygy we deňligi babatynda egilşik etmeris" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar