Türk Geňeşiniň başlygy Bagdad Amreýew ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň beýanatyny ýazgardy

Türk Geňeşiniň başlygy Bagdad Amreýew, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly beýanatyny ýazgarýandygyny habar berdi

1627868
Türk Geňeşiniň başlygy Bagdad Amreýew ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň beýanatyny ýazgardy

Türk Geňeşiniň başlygy Bagdad Amreýew, beren ýazmaça beýanatynda, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly beren, taryhy hakykatlara garamazdan we sebitdäki hyzmatdaşlyk we durnuklylyk umytlaryna şikes ýetirýän, syýasy maksatly beýanatyna örän gynanandygyny mälim etdi. 

Ýurtlaryň we halklarynyň, ylmy we hukuk esasy bolmadyk, şowsuz syýasy maksatlar bilen, başga ýurtlaryň parlamentleri we hökümetleri tarapyndan günäkärlenmeli däldigini aýdan Amreýew: "Gaýtsam tersine, 1915-nji ýyldaky wakalar halkara hukuk we degişli halkara resminamalar göz öňünde tutulyp, açyk we adalatly ýagdaýda derňelmegi gerek" diýip belledi. 

Bagdad Amreýew, başga bir ýurda garşy ýoýlan taryhy öňe sürmeleriň ýarag ýagdaýyna getirilmeginiň, diňe jemgyýetleriň arasynda ýigrenç, ar almak we duşmançylyk ýaly duýgulary tutaşdyrmak isleýänlere peýda getirjekdigini belläp: "ABŞ-nyň Prezidentiniň, beýanatyny ýazgarýaryn we syýasay maksatlar bilen ýa-da taryhy ýaňdandan ýazmak tagallalary bilen taryhyň galplaşdyrylmagynyň we onuň syýasy basyş üçin ulanylmagynyň, ýurtlaryň we halklaryň has hem daşlaşmaklaryna we sebitimizde parahatçylyk we durnuklylyk tagallalaryna päsgel berjekdigine ynanýaryn" diýip nygtady. 

Şol sebäpli Türkiýäniň 1915-nji ýyldaky wakalaryň taryhçylar tarapyndan derňelmegi üçin umumy Taryh komissiýasyny döretmek baradaky tagallalarynyň we şol maksat bilen arhiwleriň açylmagynyň gowy boljakdygyny aýdan Amreýew, onuň taryhy hakykatlary ýüze çykarmak we adalatly düşünjäni emele getirmek isleýän her kim üçin konstruktiw bir pozisiýa taýdan we ýagşy niýet görkezijisi boljakdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar