Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň beýanatyny ýazgardy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalary genosid hökmünde häsýetlendirýän beýanatyny ýazgardy

1627773
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň beýanatyny ýazgardy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň taryhy ýalňyşlyk hökmünde häsýetlendiren beýanatyny ýazgarýandygyny habar berdi.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Erdogan we Aliýew başdan geçirilen soňky hadysalara garşy Türkiýäniň we Azerbaýjanyň bilelikde haýsy ädimleri edip biljekdigi barada pikir alyşdy.

Ilham Aliýew telefon söhbetdeşliginde, Jo Baýdeniň beýanatynyň sebitde bolmagy ähtimal hyzmatdaşlyklara zyýan ýetirjekdigini beýan edip, Azerbaýjanyň hemişe Türkiýäniň ýanynda boljakdygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar