DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tataryň Kakasy Rüstem Tatar Aradan Çykdy

Rüstem Tatar şu gün jaýlanar

1627377
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tataryň Kakasy Rüstem Tatar Aradan Çykdy

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň kakasy Rüstem Tatar aradan çykdy.

Kipr türk halkynyň milli göreşinde uly jogapkärçiligini öz üstüne alan we uly işleri durmuşa geçiren Rüstem Tatar, şu gün irden aradan çykdy.

Rüstem Tatar şu gün jaýlanar.

Rüstem Tatar 1930-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Bafyň Ýakajyk obasynda dogulýar.

Rüstem Tatar, 1984-2005-nji ýyllaryň arasynda BMG-nyň ýolbaçylygyndaky Ýiten şahsyýetler komitetiniň Kipr türk wekili wezipesini ýerine ýetirýär

Tatar 2005-nji ýyldan soň hem birnäçe ugurda döwlet işlerine uly goşan goşýar.



Degişli Habarlar