Ermenistanly esgerler serhetdäki azerbaýjanly we rus esgerlere od açdylar

Ermenistanly esgerler Azerbaýjan serhet zolagynda gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän Azerbaýjanly we rus esgerlere od açdylar

1626455
Ermenistanly esgerler serhetdäki azerbaýjanly we rus esgerlere od açdylar

Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugyndan berilen beýanatda, Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň Zengezur welaýatyna düýn guran saparyndan soň, Ermenistanyň esgerleriniň serhetde öjükdiriji hereketler edendigi mälim edildi. 

Beýanatda ermenistanly esgerleriň Zengilan welaýatynyň Seýitler obasyna ýerleşdirilen Azerbaýjanyň serhetçileriniň we Ermenistan tarapynda iş alyp barýan rus serhetçilerniň ýerlerine od açandyklary habar berildi. 

Russiýanyň serhet goragçylarynyň od açan ermeni esgerleriň serhoşdygyny belläp, azerbaýjanly harbylardan waka garşylyk görkezmezliklerini isländigi, rus tarapynyň haýyşy bilen azerbaýjanly esgerleriň garşylyk görkezmändigi aýan edildi. 

Ermeni esgerleriň wakadan soň rus esgerler tarapyndan sebitden uzaklaşdyrylandygy beýan edildi. 

Şol gün Gubadly welaýatynyň Şurnuh obasy tarapyna takmynan 40 ulag bilen serhet zolagyna baran ermenileriň, Azerbaýjana garşy şygarlar aýdandygy mälim edildi. 

Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugy, bular ýaly öjükdiriji hereketler ýaňadandan gaýtalanan halatynda iň berk ýagdaýda garşylyk görekeziljekdigi barada duýduryş berdi. 



Degişli Habarlar