Azerbaýjanly Ýene-de 12 Gahryman Bejergi Üçin Türkiýä Getirildi

Ozal hem 51 gahryman bejergi üçin Türkiýä getirlipdi

1625590
Azerbaýjanly Ýene-de 12 Gahryman Bejergi Üçin Türkiýä Getirildi

 

Daglyk Garabagdaky söweşde ýaralanan azerbaýjanly 12 gahryman bejergi üçin Türkiýä getirildi.

Şehitleriň hossarlarynyň we gahrymanlaryň kynçylyklaryny ortadan aýyrmak üçin Azerbaýjan döwleti tarapyndan döredilen “Ýaşat” gaznasyndan berlen beýannamada, Türkiýeli we Azerbaýjanly lukmanlaryň garaýyşlaryna laýyklykda 12 gahrymanyň bejergisiniň Türkiýede dowam etjekdigi nygtaldy.

Gazna tarapyndan ozal hem 51 gahryman bejergi üçin Türkiýä getirlipdi.



Degişli Habarlar