Meşhur Gyrgyz Ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň Aýaly Mariýa Aýtmatowa Aradan Çykdy
Mariýa Aýtmatowanyň koronawirus sebäpli aradan çykandygy habar berildi

Türkiýede “Gyzyl gyňaç” atly eseri bilen meşhur bolan dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň 79 ýaşly aýaly Mariýa Aýtmatowa bejergi alýan hassahanasynda koronawirus sebäpli aradan çykdy.
Aýtmatowanyň gelini Sabira Aýtmatowa sosial media hasabyndan reanimasiýada ýatan Mariýa Aýtmatowanyň Bişkegin Kliniki Ýokanç Keseller Hassahanasynda aradan çykandygyny mälim edip; “Ejem, näzik we ägirt zenandy. Maşgalamyz üçin öwezi dolunmajak ýitgi” diýip ýazdy.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow hem çap eden ýüzlenmesinde Mariýa Aýtmatowanyň aradan çykmagyna çuňňur gynanç bildirdi.
Eserleri 157 dile terjime edilen Çingiz Aýtmatow 2008-nji ýylyň maý aýynda rus teleýaýlymlarydan biriniň dokumental filminde surata düşmen üçin Kazana barýar we şol ýerde ýarawsyzlanyp Germaniýa alynyp gidilýär. Çingiz Aýtmatow 2008-nji ýylyň 10-njy iýunynda Germaniýada dünýeden ötýär.
Aytmatow 2008-nji yylyň 10-njy iyunynda Germaniyada dünyeden ötyär.
Degişli Habarlar

Azerbaýjanda Ýer Titredi
Azerbaýjanda ýerli wagt bilen 08.16-da güýç merkezi Hazar deňizinde ýer titremesi boldy