Belarusyň Prezidenti Lukaşenko Azerbaýjanda Saparda Bolýar

Lukaşenko Bakuda Prezident Ilham Aliýew bilen duşuşdy

1621386
Belarusyň Prezidenti Lukaşenko Azerbaýjanda Saparda Bolýar

 

Resmi sapar bilen Azerbaýjana giden Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Bakuda Prezident Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Prezident Ilham Aliýew kärdeşi Lukaşenko bilen bolan duşuşykda geçen ýyl täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garamazdan Azerbaýjandan Belarusa edilen eksportyň artandygyny aýtdy.

Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Garabagyň ýaňadandan dikeldilmegi meselesinde durup geçen Aliýew, “Belarusly firmalaryň ýurdumyzda esasan ekerançylyk pudagynda uly tejribä eýediklerini bildirýäris we bu mesele hakynda pikir alyşarys” diýdi.

Azerbaýjan bilen Belarusyň arasyndaky gatnaşyklarda hiç hili kynçylygyň ýokdygyny nygtan Aliýew, guralýan saparlaryň netijesinde iki dost ýurt hökmünde gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belledi.

Belarusyň Prezidenti Lukaşenko hem iki ýurduň syýasy we ykdysady taýdan ýakyndan gatnaşyk edýändigini nygtap “Özara gatnaşyklarymyzy hiç kim bökdäp bilmez”diýdi.

Garabag ýeňişine ünsi çeken Lukaşenko “Azerbaýjan milli arzuw hyýallaryny durmuşa geçirmek üçin aýgytly ädim ätdi. Emma bu diňe ilkinji ädim. Halas edilen ýerleriň ýaňadandan dikeldilmegi üçin uly tagalla edilmeli. Bu meselede Belarusyň siziň ynamdar dostuňyzdygyny we mümkinçiliklerimizi bilýärsiňiz” diýip belledi.

Duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda ekerançylyk, syýahatçylyk we energetika ýaly birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk edilmegi üçin şertnama baglaşyldy.



Degişli Habarlar