“Ermeniler Garabag Söweşinde “Iskender-M” Kysymly Balistiki Roketa Ulandy

Ilham Aliýew, Ermenistanyň Garabag urşunda Russiýada öndürlen “Iskender-M” kysymly balistiki roketa ulanandygyny aýtdy

1619837
“Ermeniler Garabag Söweşinde “Iskender-M” Kysymly Balistiki Roketa Ulandy

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Garabag urşunda Azerbaýjana garşy Russiýada öndürlen “Iskender-M” kysymly balistiki roketa ulanandygyny aýtdy.

Aliýew Bakuda, Garabag söweşinde Ermenistanyň goşunyndan ele geçirlen ýaraglara we sowutly ulaglara ýer berlen “Uruşda alynan oljalar” muzeýiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açyk howada 5 gekdarlyk meýdanda gurlan muzeýi gezip gören Aliýew, sergilenýän ýaraglar we sowutly ulaglar bilen tanyş boldy.

Aliýew, muzeýde sergilenýän “Iskender-M” kysymly roketalaryň galyndylaryny görkezip, “Ermeniler Şuşa inha şu roketany atdy. Ermeniler bu roketalary nireden aldy? Olarda beýle roketa ýok. Inha galyndysy gözümiziň öňünde. Roketalar Ermenistanyň harby jenaýat edendiginiň subutnamasy. Ermenistan bu ýaragy nireden aldy? Heniz doly jogap alyp bilmedik, emma alarys. Ermenileriň “Iskender-M” roketlary bilen taryhy şäherimiz Şuşany ýok etmäge synanşandygyny hemmeler görsün. Bu roketany biz Şuşany halas edenden soň ulandylar. Her bir adam bu muzeýe gelip görmeli. Bu muzeý ermenileriň wagşyçylygynyň we eden harby jenaýatynyň görkezijisidir” diýip belledi.



Degişli Habarlar