Gazak QazVac Sanjymy Türkiýede Gaplanar

QazVac (QazKovid) hökmünde atlandyrlan sanjym, Türkiýede gaplanar

1618500
Gazak QazVac Sanjymy Türkiýede Gaplanar

 

Gazak alymlary tarapyndan täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen we QazVac (QazKovid) hökmünde atlandyrlan sanjym, Türkiýede gaplanar.

Gazagystanyň Wise-premýeri Ýerali Tugjanow, metbugata beren beýannamasynda, ýurdundaky ýerli sanjym önümçilik desgasynyň gurluşyk işleriniň heniz tamamlanmandygy sebäpli sanjymyň Türkiýede gaplanmagy meselesinde karar kabul edendiklerini belledi.

Tugjanow QazVac sanjymynyň 21-nji aprelde halkara ülgülerine laýyklygy meselesinde geçirilýän barlaglarynyň tamamlanjakdygyny nygtady.

Tugjanow “Barlaglaryň tamamlanmagyndan soň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan geçirlen ähli synaglaryň netijeleri analiz ediler we habarnama çap ediler” diýdi.

Tugjanow, QazVac sanjymynyň birinji etapda Türkiýede öndürilmegi üçin ylalaşyk gazanandyklaryny ýatlatdy.


Etiketkalar: #Kovid , #sanjym , #Gazagystan

Degişli Habarlar