Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda syýahatçylyk ylalaşygy

Türkiýe bilen Azerbaýjan, syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdylar

1615492
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda syýahatçylyk ylalaşygy

Türkiýäniň Syýahat agentlikleri bileleşigi (TÜRSAB) we Azerbaýjanyň Syýahat agentlikleri bileleşigi (ATAA), iki ýurdyň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen Stambulda hyzmatdaşlyk protokolyna gol çekişdiler. 

Gelejekdäki umumy hyzmatdaşlyklar başda bolmak bilen, umumy syýahatçylyk platformasynyň döredilmegi, saglygy goraýyş syýahatçylygy ýaly ugurlaryň maslahatlaşylan çärä TÜRSAB-yň başlygy Firuz Baglykaýa, ATAA-nyň başlygy Rufat Hajyýew, Azerbaýjanyň Saglygy goraýyş syýahatçylar bileleşiginiň başlygy Ruslan Guliýew we TÜRSAB-yň Saglygy goraýyş syýahatçylyk bölüminiň başlygy Ali Ryfat Peşkirjiogly gatnaşdy. 

Gol çekişilen protokol bilen saglygy goraýyş başda bolmak bilen umumy saglygy goraýyş syýahatçylyk platformasy dörediler.

Bu ylalaşygyň iki ýurdyň arasyndaky syýahatçylaryň sanyny artdyrjakdygy göz öňünde tutulýar. 



Degişli Habarlar