Gazagystan Türkiýe bilen aragatnaşyk ugrundaky hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegi maksat edinýär

Gazagystan media ugry boýunça Türkiýäniň tejribesinden peýdalanmak isleýär

1614473
Gazagystan Türkiýe bilen aragatnaşyk ugrundaky hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegi maksat edinýär

Gazagystanyň Maglumatlar we jemgyýetçilik galkynyş ministri Aida Balaýewa, 5-6-njy aprel aralygynda Türkiýäniň paýtagty Ankara gurajak saparyndan ozal beýanat berdi. 

Ankara gurajak saparynyň çäginde Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun bilen duşuşyk geçirjekdigini aýdan Balaýewa: "Saparyň çäginde maglumat, din, maşgala we ýaşlar syýasaty, raýat jemgyýetçiligiň ösüşi babatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşarys" diýip habar berdi. 

Balaýewa media pudagy boýunça Türkiýäniň tejribesinden peýdalanmak isleýändiklerini belläp: "Türk hyzmatdaşlarymyz bilen aragatnaşyk ugrundaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy güýçlendirmegi maksat edinýäris" diýip mälim etdi. 

Media pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek üçin umumy taslamalary durmuşa geçirjekdiklerini aýdan Balaýewa, häzirki wagtda bolsa TRT bilen umumy taslamalaryň alynyp barylmagy babatynda gepleşikler geçirýändiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar