Mewlüt Çawuşogly, Täjigistana Guraýan Saparynyň Çäginde Kärdeşi Muhriddin Bilen Duşuşdy.

"Özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde üstümizdäki ýylyň dowamynda guraljak iki taraply saparlar hakynda pikir alyşdyk"

1610644
Mewlüt Çawuşogly, Täjigistana Guraýan Saparynyň Çäginde Kärdeşi Muhriddin Bilen Duşuşdy.

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ykdysadyýet, söwda, medeniýet, howpsyzlyk we bilim pudagy bilen birlikde birnäçe ugurda ösýändigini nygtady.

Mewlüt Çawuşogly, Täjigistana guraýan saparynyň çäginde kärdeşi Sirožiddin Muhriddin bilen duşuşdy.

Çawuşogly özara duşuşykdan soň beren beýannamasynda täjik kärdeşi bilen özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde üstümizdäki ýylyň dowamynda guraljak iki taraply saparlar hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Mewlüt Çawuşogly, Prezident R. T. Erdoganyň täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli yza süýşüren saparynyň şu ýyl guralmagynyň meýilleşdirilýändigini we saparyň çäginde Hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynyň geçirilmegini isleýändiklerini ýatlatdy.

Täjigistanyň raýatlarynyň Türkiýede 90 gün wizasyz galyp biljekdigini ýatladan Çawuşogly “Türkiýe Respublikasynyň raýatlarynyň hem Täjigistana wizasyz syýahat etmekleriniň üstünde işleýäris” diýip belledi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türk Howa Ýollarynyň, Täjigistana has köp sapar guramak isleýändigini we bu meselede täjik ýolbaşçylar bilen pikir alyşandyklaryny nygtady.



Degişli Habarlar