Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Ýaşar Güler Özbegistana bardy

Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Ýaşar Güler, resmi sapar bilen giden Özbegistanda ýurdyň Baş ştabynyň başlygy Şuhrat Halmuhammedow bilen duşuşyk geçirdi

1607042
Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Ýaşar Güler Özbegistana bardy

Baş ştabyň başlygy Ýaşar Güler, Özbegistanyň Goranmak ministrliginiň binasynyň öňünde, ministrligiň we Baş ştabyň ýokary wekilleri tarapyndan harby dabara bilen garşylandy. 

Ondan soň Ýaşar Güler, Özbegistanyň Baş ştabynyň başlygy Şuhrat Halmuhammedow bilen duşuşyk geçirip, iki ýurdyň Ýaragly güýçleriniň arasyndaky harby hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. 

Özbegistana guran saparynyň çäginde ýurdyň taryhy Samarkand we Tirmiz şäherlerine baryp görjek Ýaşar Güler, 25-nji martda bolsa iki ýurdyň Ýaragly güýçleri tarapyndan geçiriljek "Dostlyk-2021" atly özbek-türk harby türgenleşigine tomaşa eder. 



Degişli Habarlar