Aliýew Fuzuli we Hojawend Şäherlerine Iş Saparyny Gurady

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Ermenistandan halas edilen Fuzuli we Hojawend şäherlerinde saparda boldy

1602071
Aliýew Fuzuli we Hojawend Şäherlerine Iş Saparyny Gurady

Aliýewiň aýaly Mähriban Aliýewanyň İnstagram hasabyndan paýlaşan wideo ýazgylarynda Preizdent Aliýewiň ulagyny özüniň sürýändigi görülýär.

Ilham Aliýew wideo sýužetlerde ýol boýy ýykylan ýaşaýyş ýerlerini görkezip, ähli obalaryň Ermenistanyň harby güýçleri tarapyndan ýumrulandygyny aýdýar.

Ýaşaýyş ýerlerinden birinde düşlän Aliýew, halas edilen ýerlerde dikeldiş işlerine başlandyklaryny, täze ýollaryň guruljakdygyny beýan etdi.

Aliýew pespäl duşmanyň basyp alan ýyllarynda Azerbaýjanyň taryhy mirasyny ýok etmek isländigini belläp: “Emma onuň hötdesinden gelip bilmediler. Biz öz topragymyza dolandyk. Gahryman we ýeňiji halkymyz yza dolandy we duşmany topragymyzdan kowup çykardyk” diýdi.

Ýoluny dowam etdiren Aliýew ulagda sözlän sözünde, Ermenistany goldaýan daşarky güýçleriň, olaryň Azerbaýjanda eden wagşylygyny görmelidigini nygtady.

Aliýew ýol boýy Hojawendiň obalarynda düşläp, ýerlerdäki şertler bilen tanyş boldy.



Degişli Habarlar