Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Türk Resmi Wekiliýetini Kabul Etdi

Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar pugtalanmak bilen dowam edýär

1598446
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Türk Resmi Wekiliýetini Kabul Etdi

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Daşarky işler komisiýasynyň başlygy Akif Çagataý Kylyjyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti kabul etdi.

Prezident Ilham Aliýew kabul edilşikde, Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam edýändigini aýtdy.

Aliýew, iki ýurduň halkara guramalarda hem biri-birine goldaw berýändigini nygtap, Garabag söweşinde Türkiýäniň beren goldawyndan Azerbaýjanyň halkynyň hoşaldygyny ýatlatdy.

Iki doganlyk ýurduň hemişe birek-biregi goldaýandygyny nygtan Aliýew, “Eziz doganym, Jenap Prezident R. T. Erdogan söweşiň ilkinji sagatlaryndan başlap bize syýasy we ruhy taýdan goldaw berdi. TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop hem halk deputatlary bilen birlikde bize goldaw berdi. Halkymyzyň birek-birege goldaw berýändigini, sarpa goýýandygyny we söýýändigini bu söweş ýene-de bir gezek görkezdi” diýdi.

Aliýew, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň soňky maslahatynda Erdoganyň, Azerbaýjanyn ýeňişi hakynda buýsandyryjy sözler aýdandygyny ýatladyp, türk köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň söweş döwründe Azerbaýjana beren goldawlary hakynda öwgüli sözler aýtdy.

TBMM-niň Daşarky gatnaşyklar komissiýasynyň agzalary hökmünde Azerbaýjanyň ýeňişinden hoşaldyklaryny nygtan, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Daşarky işler komisiýasynyň başlygy Akif Çagataý Kylyç “TBMM-de siziň üstünligiňize, liderligiňize we sebitiň taryhynda öwrülşik nokady bolan göreşiňize goldaw berýän 4 syýasy partiýanyň wekilleri hökmünde bu ýere geldik” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar