Türkiýe DKTR-a ýene-de 20 müň doza Sinowak sanjymyny ugratdy

Şu gün giden soňky sanjymlar bilen birlikde Türkiýeden DKTR-e giden sanjymlaryň sany 100 müňe ýetdi

1594961
Türkiýe DKTR-a ýene-de 20 müň doza Sinowak sanjymyny ugratdy

Türkiýe koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna (DKTR) ýene-de 20 müň doza Sinowak sanjymyny ugratdy. 

Sanjymlary daşan Türkiýäniň saglygy goraýyş ministrligine degişli tiz kömek uçary, ýerli wagt bilen sagat 09:30-da Erjan howa menziline gondy. Sanjymlar DKTR-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň resmileri gowşuryldy. 

Şu gün giden soňky sanjymlar bilen birlikde Türkiýeden DKTR-e giden sanjymlaryň sany 100 müňe ýetdi. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý düýn beren beýanatynda, ýene-de 20 müň Kowid-19 sanjymyny DKTR-a ugratjakdyklaryny habar beripdi. 


Etiketkalar: #Sinovac , #DKTR , #Türkiýe , #sanjym

Degişli Habarlar