Özbegistanyň käbir ýurtlaryň raýatlaryna döreden wizasyz syýahatçylyk ýeňilligi güýje girdi

Özbegistanda syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi maksady bilen dünýäniň 5 ýurdunyň raýatlaryna 10 günlük wizasyz syýahat ýeňilligi güýje girdi

1592887
Özbegistanyň käbir ýurtlaryň raýatlaryna döreden wizasyz syýahatçylyk ýeňilligi güýje girdi

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew tarapyndan geçen aý ýurdyň syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegi bilen bagly gol çekilen kararnama görä, Bahreýn, Katar, Kuweýt, Oman we Hytaý ýaly ýurtlaryň raýatlary Özbegistanda 10 günlügine wizasyz ýagdaýda syýahat edip bilerler. 

Ady agzalan ýurtlaryň raýatlarynyň şol ýeňillikden peýdalanmak üçin başga bir ýurda ýa-da öz ýurduna gaýdyp barmak üçin satyn alan uçar petegini görkezmekleri gerek. 

Kararnama bilen Hytaýyň raýatlarynyň 7 günüň dowamynda wizasyz syýahat edip bilmek hukuklary, 10 güne ýetirildi. 

Özbegistanyň hökümeti, ozal bolsa syýahatçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen kabul eden kararlarynyň çäginde, aralarynda Türkiýe hem bolan dünýäniň 86 ýurdunyň raýatlaryna 1 aý bilen 3 aý aralygynda üýtgeýän möhletlerde ýurtda wizasyz galyp bilmek hukugyny beripdi. 



Degişli Habarlar