Türki Dilli Döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi Azerbaýjana Goldaw Berýär

“Türk geňeşi hökmünde biz hem Hojaly gyrgynçylygynyň gurbanlaryny uly hormat bilen hatyralaýarys"

1591420
Türki Dilli Döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi Azerbaýjana Goldaw Berýär

 

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Hojaly gyrgynçylygynyň 29-njy ýylynda beren duýgudaşlyk ýüzlenmesinde, Daglyk Garabagyň Hojaly şäherinde 1992-nji ýylyň 26-njy fewralynda ermeni güýçleriniň ýaşulylar, zenanlar we çagalar bilen birlikde bigünä adamlary gyrgyna berendigini ýatlatdy.

Ermeni güýçleriniň müňlerçe azerbaýjanlyny ýesir alandygyna we Hojaly şäherini ýer bilen ýegsan edendigine ünsi çeken Amreýew ýüzlenmesinde “Doganlyk Azerbaýjan Daglyk Garabagda basyp alyşlygy astyndaky ýerlerini halas etdi. Bu ýeňiş Türk dünýäsini buýsandyrýar” diýdi.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew “Türk geňeşi hökmünde biz hem Hojaly gyrgynçylygynyň gurbanlaryny uly hormat bilen hatyralaýarys. Azerbaýjanyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris. Türk dünýäsi hökmünde Azerbaýjana goldaw berýäris” diýip belledi.



Degişli Habarlar