Türkiýe-Türkmenistan-Azerbaýjan döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň metbugat ýygnagy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe, Azerbaýjan we Türkmenistanyň arasynda ýörite gatnaşyklaryň üstüne gurulan hyzmatdaşlygyň şu günki gün giň gerimli bir hyzmatdaşlyga öwrülendigini beýan etdi

1589399
Türkiýe-Türkmenistan-Azerbaýjan döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň metbugat ýygnagy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen, Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan Üçtaraplaýyn Daşary işler ministrleriniň 5-nji maslahatyndan soň, Prezidentiň kompleksinde umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Ýörite gatnaşyklaryň üstüne gurulan hyzmatdaşlygymyz şu günki gün giň gerimli bir hyzmatdaşlyga öwrüldi. 2014-nji ýylda başladan üçtaraplaýyn mehanizmimiz sebitiň abadançylygyna we durnuklylygyna örän uly goşant goşdy" diýip habar berdi. 

Maslahatda sebitleýin arkalaşyk, transport we energetika meseleleriniň güntertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny emele getirendigini aýdan Mewlüt Çawuşogly, gepleşikleriň barşynda terrora garşy göreş, Owganystandaky hadysalar we Yslama garşy hereketler ýaly sebitleýin we global ençeme meseläni ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik tapandyklaryny mälim etdi.

Ministr Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň 2019-njy ýylda yglan eden "Täzeden Aziýa" başlangyjynyň çäginde Azerbaýjan we Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini habar berdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler Jeýhun Baýramow bolsa, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Hazar deňizinde bilelikde özleşdirjek we işläp düzjek Dostluk diýip atlandyrylan nebit we tebigy gaz ýatagynyň Türkiýäniň we Ýewropa ýurtlarynyň energetika howpsuzlyklaryna oňyn täsir ýetirjekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar