Türk Geňeşi Energetika Meselesinde Maslahat Geçirer

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşine girýän ýurtlaryň Energetika ministrleriniň ilkinji maslahaty guralar

1589029
Türk Geňeşi Energetika Meselesinde Maslahat Geçirer

Geňeşden berilen ýazmaça beýannama görä Türk geňeşine agza ýurtlar ykdysdyýet, söwda, saglygy goraýyş, bilim we syýahatçylyk ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlyga energetika pudagyny hem goşarlar.

Şol çäkde Türk geňeşine girýän ýurlaryň Energetika ministrleri ertir ilkinji onlaýn formatly maslahatyny geçirerler.

Türk geneşiniň döwürleýin Başlygy Azerbaýjanyn Energetika ministri Parwiz Şahbazow bilen Türk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýew tarapyndan açyljak maslahatda Türk geňeşine girýän ýurtlaryň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alynyp maslahatlaşylar.

Maslahatda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde we diwersifikasiýalaşdyrylmagynda hem-de sebitara energiýa geçiriji ulgamlarynyň güýçlendirilmegi boýunça pikir alyşylar.

Maslahatda Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez, Gazagystanyň Energetika ministri Nurlan Nogaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri Kuwyşbek Turdubaýew, Özbegistanyň Energetika ministri Alişer Sultanow, Wengriýanyň Innowasiýalardan we tehnologiýalardan jogapkär Döwlet ministri Attila Steiner çykyş ederler.



Degişli Habarlar