DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar: "Türkiýäniň kepilligi, türk esgerleriniň barlygy, özygtyýarlylygymyz we syýasy deňlik, biziň gyzyl çyzygymyzdyr we bulardan hiç wagt ýüz öwürmeris" diýdi

1584309
DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatar beren ýazmaça beýanatynda, ýakyn wagtda Kipr temasy bilen baglanşykly BMG-nyň öňbaşçylyk etmeginde kepillendiriji ýurtlaryň (Türkiýe, Britaniýa we Gresiýa) hem gatnaşmagynda resmi bolmadyk 5+1 formatyndaky maslahatyň geçirilmegi bilen bagly deslapky taýarlyklaryň bolandygyny habar berdi. 

Bu etapda Grek tarapynyň öjükdiriji hereketleriniň hem barha artyp dowam edýändigini aýdan Ersin Tatar, Türkiýäniň kepilliginiň aýrylmagyny we türk esgerleriniň Kiprden uzaklaşdyrylmagyny talap eden grek tarapynyň, türk tarapynyň gyzyl çyzygy bolan agdyklyk deňliginiň kabul edilmejekdigini ýene-de bir gezek belläp geçendiklerini mälim etdi. 

Ersin Tatar, grek tarapynyň resmisi Andreas Mawroýannisiň bu beýanatyny beren mahaly, "Türk tarapynyň agdyklyk deňlik talaby, ýurdyň soňy bolar" sözlerini ulanyp, grek düşünjesiniň üýtgemändigini we asla üýtgemejekdigini ýene-de bir gezek görkezendigini habar berdi.

Ersin Tatar: "Andreas Mawroýannis ulanan ýurt sözüne görä, Kipriň ýeke täk eýesi greklerdir we Kipr türk halky olara garanyňda azlykdyr. Kipriň Grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis hem şu günki güne çenli beren beýanatynda, Kipr türkleri azlykdyr, azlyklaryň özygtyýarlylyk we syýasy deňligi bolmaz diýip belläpdi we şeýlelik bilen rasist we agdyklyk ediji grek düşünjesini ençeme gezek subut etdi" diýip beýan etdi. 

"Türkiýäniň kepilligi, türk esgerleriniň barlygy, özygtyýarlylygymyz we syýasy deňlik, biziň gyzyl çyzygymyzdyr we bulardan hiç wagt ýüz öwürmeris" diýip bellän Tatar, olardan ýüz öwürmegiň, grekleriň boýuntyryk astyna girmegi kabul etmek boljakdygyny aýan etdi.
 


Etiketkalar: #Türkiýe , #grek , #DKTR , #Ersin Tatar

Degişli Habarlar