Gazagystanyň Täze Gazak Elipbiýi Tanyşdyryldy

Latyn harplaryna laýyklykda taýarlanan täze gazak elipbiýinde, 9-y çekimli 31 harp bar.

1573337
Gazagystanyň Täze Gazak Elipbiýi Tanyşdyryldy

 

Gazagystanyň Milli Elipbiý komissiýasy, 2023-2031-nji ýyllary öz içine alýan döwürde tapgyrlaýyn ýagdaýda ulanylmaga başlanjak latyn harplaryna laýyklykda taýarlanan täze gazak elipbiýini tanyşdyrdy.

Ahmet Baýtursunow Dil bilimi instituty elipbiýi “bir ses-bir harp” ýörelgesine görä taýarlady.

Latyn harplaryna laýyklykda taýarlanan täze gazak elipbiýinde, 9-y çekimli 31 harp bar. Elipbiýde ýer almaýan x,w ýaly harplar daşary ýurtlardan alynan sözlerde ulanylýar.

1940-njy ýyldan bäri kiril elipbiýini ulanýan Gazagystan, 2017-nji ýylda tapgyrlaýyn ýagdaýda latyn elipbiýine geçilmegi barada karar kabul edipdi.



Degişli Habarlar