Gazagystan bilen Özbegistanyň arasynda ýokary tizlikli otly saparlary ýola goýular

Gazagystanda Ministrler kabinetiniň mejlisi, Prezident Kasym Jömert Tokaýewiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi

1571262
Gazagystan bilen Özbegistanyň arasynda ýokary tizlikli otly saparlary ýola goýular

Gazagystanyň Premýer ministri Askar Mamin, Türkistan şäheri bilen Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň arasynda ýokary tizlikli otly demir ýolunyň guruljakdygyny habar berdi. 

Gazagystanda Ministrler kabinetiniň mejlisi, Prezident Kasym Jömert Tokaýewiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi. 

Gazagystanyň Premýer ministri Askar Mamin, maslahatda Gazagystanda şu ýyl syýahatçylyk pudagynda umumy gymmady 2,6 milliard dollar bolan maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçiriljekdigini mälim etdi. 

Esasan hem ýurtda syýahatçylyk pudagynyň infrastrukturasy bilen bagly ädimleriň ediljekdigini aýdan Mamin, Gazagystandan Özbegistana ýokary tizlikli otly demir ýolunyň guruljakdygyny aýan etdi. 

Mamin, ady agzalan ýokary tizlikli otly demir ýolunyň Gazagystanyň Türkistan şäheri bilen Özbegistanyň Daşkent şäherlerini biri-biri bilen birleşdirjekdigini belläp: "Syýahatçylaryň sanyny artdyrmak maksady bilen Türkistan-Çimkent-Daşkent liniýasy boýunça ýokary tizlikli otly demir ýolunyň gurluşygyna başlanar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar