Türkiýe Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda gazanylan ylalaşykdan hoşal

Türkiýe Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda Hazar deňizi boýunça gazanylan ylalaşykdan hoşaldygyny belledi

1569125
Türkiýe Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda gazanylan ylalaşykdan hoşal

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Azerbaýjan bilen Tükmenistanyň Hazar deňizinde «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjanyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamadan hoşaldygyny beýan etdi. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda, ylalaşygyň iki ýurdyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitjekdigine ynanylýandygy bellendi. 

Ylalaşygyň dostlukly we doganlyk ýurtlar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň halklaryna düşümli bolmagy, sebitiň maddy hal ýagdaýyna we durnuklylygyna goşant goşmagy barada dileg edilen beýanatda, ylalaşygyň Türkiýe bilen Ýewropanyň beýleki böleginiň energetika howpsuzlygyny artdyrjak taslamalaryň öňüni açjakdygyna ynanylýandygy nygtaldy. 

Türkmenistanda "Serdar", Azerbaýjanda bolsa "Kepez" diýip atlandyrylan ýatagyň haýsy ýurda degişlidigi we nähili işlediljekdigi bilen bagly mesele iki ýurdyň arasynda ençeme ýyllap düşünişmezçilige sebäp bolupdy. 

Hazar deňizinde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ýerleşýän ýatagyň takmynan 60 million tonna nebit ätiýajyna eýedigi çak edilýär. 



Degişli Habarlar