Fuat Oktaý Azerbaýjanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidenti orunbasary Fuat Oktaý Azerbaýjanyň Premýer ministri Ali Asadow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1568749
Fuat Oktaý Azerbaýjanyň Premýer ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginde iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly ediljek ädimler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Ali Asadowyň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly geçiriljek maslahatlaryň Türkiýede geçirilmegini teklip etmegi bilen Oktaý: "Bu biz tarapdan hem ajaýyp bolar, hem sizi Türkiýede myhman ederis, hem-de ähli meseleleriň üstünde durup geçeris. Täze döwürde etmeli ençeme işimiz bar" diýip habar berdi. 

Şol çäkde fewral aýynda Azerbaýjanly resmiler Türkiýede saparda bolup, iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy bilen bagly ädimleriň gözden geçiriljekdigi mälim edildi. 

Telefon söhbetdeşliginde mundan başgada Fuat Oktaýyň dogulan gününi gutlap, gowy arzuwlar eden Asadow: "Türkiýe üçin örän uly işler edýärsiňiz. Diňe Türkiýe üçin däl, eýsem doganlyk Azerbaýjan üçin hem" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar